Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýda Gaza Üçin Jemlenişdi

Jidde şäherinde geçirilýän maslahata Daşary işler ministri Hakan Fidan gatnaşýar.

2052720
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy Nobatdan Daşary Ýagdaýda Gaza Üçin Jemlenişdi
fidan s.arabistan faysal bin farhan.jpg
hakan fidan cidde'de.jpg

Ysraýylyň Gazadaky palestinanyň halkyny nyşana alýan hüjümlerini dowam etdirýändigi sebäpli Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň Ýerine ýetirijiler komiteti nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişdi.

Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirilýän maslahata Daşary işler ministri Hakan Fidan gatnaşýar.

Maslahatda Ysraýylyň asuda ilaty nyşana alýan hüjümlerine garşy Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň alyp barçak tutumy seljerilýär.

Ministr Hakan Fidan maslahatdan öň beren beýannamasynda, halkara jemgyýetçiliginiň diplomatiýa taýdan berk tutum alyp baryp biljekdigini nygtady.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Jidde şäherinde, Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan we Kuweýdiň Daşary işler ministri Abdullah al Jabir as Sabah bilen duşuşdy.



Degişli Habarlar