BMG, Hassahana Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy

Arap Ligasy hassahana guralan bombaly hüjüm sebäpli 3 günlük milli ýas yglan etdi

2052424
BMG, Hassahana Guralan Hüjümi Berk Ýazgardy

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guralan hüjümi berk ýazgardy.

Guterreş, sosial mediadan beren habarnamasynda Al Ehli Baptist hassahanasyna guralan hüjümi ýazgardy.

Ýüzlerçe palestinalynyň ýogalmagyna sebäp bolan hüjüme berk reaksiýa görkezen Guterreş “Bu hüjümi berk ýazgarýaryn” diýdi.

Beýleki tarapdan BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, Russiýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň çagyryşy bilen, Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guralan hüjümi ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdan daşary ýagdaýda Türkiýe wagty bilen 17.00-da jemlenşer.

Palestinanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Riýad Mansour, Nýu-Ýorkda BMG-nyň merkezinde Arap toparynyň adyndan beren beýannamasynda, Ysraýyl tarapyndan edilen gyrgynçylygy berk ýazgarýarys. Bu jenaýaty edenler jerimesini çekmeli” diýdi.

Mansour, “Eger BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi öz jogapkärçiligini ýerine ýetirip düýn çaknyşyklary eden bolsady, şeýle uly jenaýat edilmezdi we 500 adam ýogalmazdy” diýdi.

Arap Ligasy hem Ysraýylyň Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjümi sebäpli 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigini mälim etdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasy, ýüzlerçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan Ysraýylyň Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guran hüjümini “guramaçylykly döwlet terrory” hökmünde häsiýetlendirdi.

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyndan berlen beýannamada, “Ysraýylyň Gazadaky hassahanany nyşana alan elhenç gyrgynçylygy” berk ýazgaryldy we hüjümiň harby jenaýatdygy ýatladyldy.

Ysraýylyň Gazadaky Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjüminde 500 adamyň ýogalandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar