Putin Orban Bilen Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Russiýanyň Ýewropanyň ençeme ýurdy bilen gatnaşyklaryny ösdürmeginiň kanagatlandyryjydygyny aýtdy.

2052095
Putin Orban Bilen Duşuşdy

Putin Hytaýa saparynyň çäginde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşdy.

Putin duşuşykda Russiýa bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ikitaraply bähbitlilik esasynda ösýändigine ünsi çekdi.

Geoýasy wakalar sebäpli duşuşyklaryň we gatnaşyklary ösdürmegiň agyrlaşýan günlerini başdan geçirýändiklerini aýdan Putin; “Muňa garamazdan Ýewropanyň ençeme ýurdy bilen gatnaşyklarymyzy dowam etdirip, ösdürmegimiz kanagatlandyryjy. Şol ýurtlardan biri hem Wengriýa” diýdi.

ÝB-ne agza ýurtlardan biri bolan Wengriýa bilen global meseleler hakynda pikir alyşmagyň möhümdigine ünsi çeken Putin; “Biziň çemeleşmelerimiziň elmydama bap gelmeýändigini bilýäris. Emma pikir alyşmaga şert tapmak elmydama möhüm” diýdi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Orban bolsa Russiýa bilen gatnaşyklaryň harby operasiýa we sanksiýalar sebäpli agyr günlerden geçýändigini nygtap; “Bu bilelikdäki gatnaşyklaryň “dokumasyna” çuňňur täsir ýetirdi. Bu hyzmatdaşlygyň diňe bir duşuşyklar derejesinde däl, ykdsyady derejede hem mümkin gadar dowam etdirilmegini isleýäris” diýdi.



Degişli Habarlar