ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider

Entoni Blinken, Prezident Baýdeniň çarşenbe güni Ysraýylda saparda boljakdygyny aýtdy.

2051862
ABŞ-nyň Prezidenti Baýden Ertir Ysraýyla Gider

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden ertir Ysraýylda saparda bolar.

Tel-Awiwde metbugata beýannama beren ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Prezident Baýdeniň çarşenbe güni Ysraýylda saparda boljakdygyny aýtdy.

Baýdeniň diýseň ynjyk döwürde Ysraýyla sapar gurajakdygyny aýdan Blinken, ABŞ-nyň Hamasyň hüjümlerine garşy Ysraýyla goldaw berýändigini görkezmek üçin arkalaşyk ýüzlenmesiniň beriljekdigini belledi.

Blinken, Prezident Baýdeniň Hamas tarapyndan zamun alynanlaryn boşadylmagy meselesinde Ysraýyl bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýandygyny ýatlatdy.

Prezident Baýdeniň, asuda ilatyň ýitgi çekmezliginiň öňüniň alynmagy we Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi meselesinde Ysraýyldan maglumat aljakdygy bellenildi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Ysraýyla gurajak saparyndan soň Iordaiýa barar.

Prezident Baýden Iordaniýada Şa Abdullah II, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah as Sisi we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas bilen duşuşar.



Degişli Habarlar