Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär

Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli Kolumbiýanyň 220 raýatyny we Çiliniň hem 83 raýatyny Ysraýyldan ewakuasiýa edendigi habar berildi

2051481
Ysraýyl-Palestina çaknyşyklary sebäpli daşary ýurtlar öz raýatlaryny ewakuasiýa etmäge dowam edýär

Kolumbiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Kolumbiýanyň 200 raýatynyň Harby-howa güýçlerine degişli 2 uçar bilen Ysraýyldan ýurduň paýtagty Bogota şäherine geçirilendigi habar berildi. 

Çiliniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda bolsa, Çiliniň Harby-howa güýçlerine degişli 1 uçaryň Ysraýyldan 83 raýatyny ewakuasiýa edendigi barada maglumat berildi. 

Peru döwleti hem Ysraýyl bilen Palestinanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklar sebäpli sebitdäki raýatlaryny ewakuasiýa etmäge başlady. 

Şol çäkde ýurduň Döwlet baştutany Dina Boluarte tarapyndan ýoldaşlyk edilen Perunuň raýatlary, Boeing 737 kysymly uçar bilen paýtagt Lima alynyp gidildi. 

ABŞ hem Ysraýyldaky raýatlaryny deňiz ýoly arkaly ewakuasiýa etjekdigini habar berdi. 

Hamasyň harby topary Kassam topary, 7-nji oktýabrda Ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.



Degişli Habarlar