Ysraýyla Guralýan Uçar Saparlary Bes Edilýär

Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli Ysraýyla guralýan uçar saparlary bes edilýär

2048959
Ysraýyla Guralýan Uçar Saparlary Bes Edilýär

Günorta Koreýanyň, Gollandiýanyň, Hindistanyň, Norwegiýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň howa ýollary firmalary, 7-nji oktýabrda başlan Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli Ysraýyla guraýan uçar saparlaryny bes edendiklerini mälim etdi.

Günorta Koreýanyň iň uly howa ýoly firmasy Korean Air, şu hepde Ysraýylyň paýtagty Tel-Awiwe gurajak uçar sapalaryny howpsuzlyk aladasy sebäpli bes etdi.

Ysraýyldan Günorta Koreýa guralýan uçar saparlary bolsa häzirlikçe dowam edýär.

Gollandiýanyň KLM howa ýoly firmasy hem 12-nji aprele çenli Ysraýyla guraljak uçar saparlarynyň bes edilendigini habar berdi.

Hindistanyň Air İndia howa ýoly firmasy Ysraýyla guralýan uçar saparlarynyň 14-nji oktýabra çenli, Norwegiýanyň howa ýoly firmasy Norwegian Air hem uçuşlaryň 15-nji oktýabra çenli bes edilendigini aýan etdi.

Wengriýanyň, Germaniýanyň, Britaniýanyň we ABŞ-nyň howa ýollary firmalary hem Ysraýyla guraýan uçar saparlaryny wagtlaýyn bes etdi.



Degişli Habarlar