Owganystanda Yzly-Yzyna Ýer Titredi

Gerat welaýatynda 6,5 we 5 bal ululygynda iki ýer titremesi boldy

2049359
Owganystanda Yzly-Yzyna Ýer Titredi

Owganystanyň Gerat welaýatynda şenbe güni bolan ýer titremesinden soň 6,5 we 5 bal ululygynda iki ýer titremesi boldy.

Amerikan Geologiýa ylmy barlag merkezine görä, ýerli wagt bilen 05.11-de Geratyň 28 kilometr demirgazyk we demirgazyk günbatarynda 6,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Ýer titremesinden 11 minut soň şol sebitde 5 bal ululygynda ikinji gezek ýer titredi.

Ýer titremeleriniň ýeriň 10 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Ýer titremeleri halkyň dowla düşmegine sebäp boldy. Şäherde elektrik togy kesildi.

Owganystanda 7-nji oktýabrda bolan ýer titremesinde 2 müň 500 adamyň ýogalandygy, müňlerçe adamyň ýaralanandygy habar berlipdi.



Degişli Habarlar