ABŞ-da 11 ýaşyndaky çaga 13 ýaşyndaky 2 çagany ot açyp ýaralady

ABŞ-da 11 ýaşyndaky çaga ejesine degişli bolan ýarag bilen 13 ýaşyndaky 2 çagany ot açyp ýaralady

2047224
ABŞ-da 11 ýaşyndaky çaga 13 ýaşyndaky 2 çagany ot açyp ýaralady

ABŞ-nyň Florida ştatynda Amerikan futbol türgenleşiginden soň, çagalaryň arasynda jedelleşik başlady. 

Apopka diýilýän ýerde başdan geçirilen wakada, 11 ýaşyndaky çaga ejesine degişli bolan ýarag bilen 13 ýaşyndaky 2 çagany ot açyp ýaralady.

Wakada ýaralanan çagalar hassahanada bejergi astyna alyndylar. 

11 ýaşyndaky şübheli çaga bolsa adam öldürmek synanyşygy boýunça aýyplanyp tussag edildi.

Wakada ulanylan ýaragyň kanuny ýagdaýda şübhe astyndaky çaganyň ejesine degişlidigi tassyklandy, ejesiniň hem ýaragy çagasynyň alyp biljek ýerinden uzak saklamazlygy sebäpli günäkärlenip bilinjekdigi beýan edildi. 

Florida ştatynyň kazyýeti 11 ýaşyndaky şübheli çaganyň ýene-de 3 hepde göz tussaglygynda saklanmagy barada karar kabul etdi. 

Şübhe astyndaky çaganyň aklawçysy Robert Mandell ot açmagyň beýleki çagalaryň gorkuzyp basyş etmekleri sebäpli bolandygyny aýtdy.

Apopka Polisiýa departamenti hem şübhe astyndaky çaganyň ýaralanan çagalar tarapyndan kowalanandygyny we ýenjilendigini mälim etdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #çaga , #hüjüm , #Florida

Degişli Habarlar