Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar

Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi Azerbaýjany Nahiçewana birikdirjek Zengezur geçelgesiniň “milli howpsuzlyga abanýan wehimdigini” beýan etdi.

2046563
Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar

Prezident Raizi Tähranda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Şahsy wekili Halaf Halafow we Ermenistanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Armen Grigorýan bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Eýranyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygynyň Syýasy işlerden jogapkär orunbasary Muhammed Jemşidi duşuşyklar hakynda X sosial media hasabyndan maglumat berdi.

Maglumata göra Raisi Ermenistanyň Milli  howpsuzlyk geňeşiniň sekretary we Aerbaýjanyň Prezidentiniň Şahsy wekili bilen geçiren duşuşyklarynda; “Zengezur geçelgesiniň NATO-nuň sebitdäki güýçleri üçin esaslanma boljakdygyny we sebitde ýerleşýäň döwletler üçin milli howpsuzlyk meselesine öwrüljekdigini” öňe sürüp, Eýranyň oňa çür-kesik garşydygyny nygtady.



Degişli Habarlar