Russiýanyň Daşary işler ministri Garabag bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Garabagda adaty durmuşyň täzeden başlamagy üçin şert döretmek üçin Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtdy

2045340
Russiýanyň Daşary işler ministri Garabag bilen bagly beýanat berdi

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Soçide geçirilen Halkara çekişme kluby Waldaýyň ýyllyk maslahatynyň çäginde, metbugat işgärleriniň Azerbaýjanyň Garabag sebitindäki ýagdaý bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Garabagda işleriň dowam edýändigini aýdan Sergeý Lawrow: "Garabagdaky ýagdaýy durnuklaşdyrmak, ol ýerdäki ynamy güýçlendirmek, azerbaýjanlylaryň we ermenileriň umumy durmuşyny dowam etdirmegi we adaty durmuşyň täzeden başlamagy üçin şertler döretmek üçin azerbaýjanly kärdeşlerimiz we goňşylarymyz bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Ýeriwanyň hem bu mesele bilen gyzyklanjakdygyny we onuň bilen bagly tagallalar etjekdigini umyt edýäris" diýip habar berdi. 

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň 2020-nji ýylda uruşy bes etjek ylalaşyk bilen Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýanyň Garabagy Azerbaýjana bermäge mejbur edendigi bilen bagly öňe sürmeleriň nädogrydygyny aýdan Sergeý Lawrow, Nikol Paşinýanyň özüniň Ýewropada Garabagyň Azerbaýjanyň bir bölegi hökmünde ykrar edýän ylalaşyga gol çekendigini ýatlatdy. 



Degişli Habarlar