Ispaniýadaky ýangynda ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi

Ispaniýada düýn gije klubynda bolan ýangynda ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi

2044888
Ispaniýadaky ýangynda ýogalanlaryň sany 13 adama ýetdi

Ýurduň günorta-gündogarynda ýerleşýän Mursiýa şäherinde düýn gijeki klublaryň birinde bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 6 adamyň ýogalandygy, ýaralananan 4 adamyň bolsa hassahanada bejergi astyna alynandygy habar berilipdi. 

Birnäçe wagt soň ýogalanlaryň sanynyň 13-e ýetendigi mälim edildi. 

Mursiýa şäheriniň häkimligi waka sebäpli 3 günlik ýas yglan etdi. 

Ýangynyň näme sebäpli çykandygy entek anyklanmady. 


Etiketkalar: #klub , #ýangyn , #Ispaniýa

Degişli Habarlar