Tramp Baýden barada "çüýrük" we "egri" syýasatçy sözlerini ulandy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jo Baýden barada "çüýrük" we "egri" syýasatçy sözlerini ulandy

2043651
Tramp Baýden barada "çüýrük" we "egri" syýasatçy sözlerini ulandy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp awtoulag senagatynyň möhüm merkezleriniň biri bolan Miçiganda eden çykyşynda, Jo Baýdeniň awtoulag öndürijileriň iş taşlaýyşlaryna gatnaşmagyny we elektrik tokda işleýän ulaglara geçmäge gönükdirilen syýasatlaryny tankyt etdi. 

Tramp çykyşynda: "Beýleki ýurtlaryň kärhanalarymyzy we baýlyklarymyzy zorlamaga we talamaga rugsat bermek üçin para alyp, baýan mahallary ýatdylar. Onlarça ýylyň dowamynda amerikaly işgärlere harç edip bolýan, işlere bolsa elden aldyryp bolýän göz bilen garaýan Baýden ýaly çüýrän we egri liderlere tomaşa etdiňiz" diýip belledi. 

Tramp Baýdeniň Miçigana awtoulag önümçilik pudagynda işleýän adamlaryň iş taşlaýyşlaryna gatnaşmaga gelendigini, emma işgärleriň işsiz galmaklarynyň sebäbiniň öz syýasatydygyny öňe sürdi. 

Jo Baýdeniň elektrik tok ulaglaryna berýän goldawy barada bolsa Jähenneme geçiş hökmünde häsýetlendiren Tramp, şol ädimiň amerikan awtoulag senagatynyň ahyry bolup biljekdigi barada duýduryş berdi. 


Etiketkalar: #Jo Baýden , #Donald Tramp

Degişli Habarlar