Gollandiýada ýaragly hüjümler guraldy

Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde guralan ýaragly hüjümlerde jemi 3 adam ýogaldy

2043865
Gollandiýada ýaragly hüjümler guraldy

Rotterdam şäheriniň polisiýa gullugynyň X sosial media hasabyndan berilen beýanatda, şübhe astyndaky 32 ýaşyndaky adamyň guran ilkinji hüjüminde bir enäniň ýogalandygy, agyr ýaralanan 14 ýaşyndaky gyzynyň hem alynyp gidilen hassahanasda ýogalandygy habar berildi. 

Ikinji hüjümiň Erasmus uniwersitetiniň hassahanasynda guralandygy bellenen beýanatda, ol ýerde hem 43 ýaşyndaky bir adamyň ýogalandygy mälim edildi. 

Rotterdamyň Içeri işler edarasynyň müdüri Fred Westerbeke şübhe astyndaky adamyň ýaragy bilen birlikde tussag edilendigini we egninde ok geçirmeýän žilediň bardygyny beýan etdi. 

Hüjümleriň şol bir adam tarapyndan guralandygynyň çak edilýändigini aýdan polisiýa gullugy, hüjümiň jikme-jikliginiň derňelýändigini habar berdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Gollandiýa

Degişli Habarlar