Gannuşiniň Açlyk Yglan Etjekdigi Habar Berildi

Tunisiň Halk mejlisiniň ozalky başlygy we Nahda hereketiniň lideri Raşid al-Gannuşiniň açlyk yglan etjekdigi habar berildi.

2043961
Gannuşiniň Açlyk Yglan Etjekdigi Habar Berildi

Gannuşiniň syýasy geňşçisi Riýad aş-Şuaýbi bu barasynda maglumat berdi.

Gannuşiniň ýurtdaky demokratik derejäniň “pese gaçmagyny” protest etmek maksady bilen şu günden başlap açlyk yglan etjekdigini aýdan Şuaýbi, “syýasy aktiwistler hakynda gozgalan derňew işiniň bes edilmegi we tussaglaryň boşadylmagy” bilen bagly talaplarynyň hem Gannuşiniň açlyk yglan etmeginiň sebäplerinden käbirleridigini aýtdy.

Ýurtda “oppozisiýa gysyş etmegi nazarda tutýandygy” öňe sürülen we 11-nji fewralda başlan tussag ediş operasiýalary bilen onlarça syýasatçy, žurnalist, aktiwist, kazy we işewür “döwlet howpsuzlygyna wehim salmakda” günäkärlenip, tussag edildi.

Maslahatlardan birinde sözlän sözleri sebäpli “halky içerki urşa gönükdirmekde” aýyplanyp 17-nji aprelde öýünde tussag edilen Tunisiň Halk mejlisiniň ozalky başlygy we Nahda hereketiniň lideri Raşid al-Gannuşi hem halkyň we halkara arenadaky görkezilen garşylyga garamazdan 48 sagat dowam eden sorag etmeden soň tussag edilipdi.

 



Degişli Habarlar