Mekgedäki Sagat minarasyna ýyldyrym çakdy

Saud Arabystanynda mukaddes Mekge şäherindäki 600 metr uzynlygyndaky Sagat minarasyna düýn gije ýyldyrym çakdy

2043553
Mekgedäki Sagat minarasyna ýyldyrym çakdy

Mekge şäherinde Käbäniň ýerleşýän ýeriniň golaýyndaky meşhur Sagat minarasyna düýn gije gök gürlän mahaly ýyldyrym çakdy. 

Sosial mediada paýlaşylan wideo ýazgylarynda, ýyldyrymyň Sagat minarasyna ençeme ýerden çakandygyny görüp bolýar. 

Içinde myhmanhanalar, söwda merkezleri bolan we gurluşygy 2010-njy ýylda tamamlanan Burj as-Saah diýip atlandyrylýan bina, 600 metr uzynlygy bilen dünýäniň iň uzyn Sagat minarasy adyna eýedir. 

 



Degişli Habarlar