Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Marokkoda 8-nji sentýabr gijesi 7 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

2043277
Marokkoda Bolan Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany Artdy

Marokkoda 8-nji sentýabr gijesi bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 müň 960 adama ýetdi.

Marokkonyň hökümetiniň metbugat sekretary Mustafa Baýtas, Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 2 mň 960 adama ýetendigini aýtdy.

Baýtas, ýer titremesinde ýykylan ýaşaýyş jaýlarynyň sanynyň anyklanylmagy baradaky işleriň dowam edýändigini ýatlatdy.

Baýtas, üstümizdäki aýdan başdap bir ýylyň dowamynda ýer titremesi sebäpli ejir çeken her bir maşgala aýda 250 dollarlyk pul kömeginiň beriljekdigini belledi.

Marokkoda 8-nji sentýabr gijesi 7 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Ýer titremesi 2,8 million adama uly zeper ýetirdi.

Ýer titremesinde 60 müňe golaý ýaşaýyş jaýynyň ýykylandygy nygtalýar.



Degişli Habarlar