Gresiýada ýaramaz howa şertleri höküm sürýär

Gresiýanyň ençeme sebitinde ýaramaz howa şertleri sebäpli raýatlardan mejbur bolmadyklary saýyn öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berildi

2042725
Gresiýada ýaramaz howa şertleri höküm sürýär

Raýat goranyş edarasy tarapyndan Ahaýýa, Itaki, Zakinf, Kefaloniýa, Ftiotida, Wiotiýa, Magnisiýa, Kardisa we Ewbeýanyň demirgazygynda ýaşaýan raýatlaryň öýjükli telefonlaryna ugradylan gyssagly hatda öňümizdäki sagatlarda ýaramaz howa şertleriniň höküm sürjekdigi, mejbr bolmadyklary saýyn köçelere çykmazlyklary barada çagyryş berildi. 

Kalawritada bolsa ýagan doly sebäpli köp sanda ulaga zyýan ýetdi, Trikalada we Ýaninada bolsa ýer süýşgüni sebäpli käbir ýollar ulaglara ýapyldy. 

Hünärmenler tarapyndan Elias diýip atlandyrylýan we bu hepde Gresiýany öz täsiri astyna almagyna garaşylýan ýaramaz howa şertleri sebäpli ýurt derejesinde aşa ýagyşlaryň ýagmagyna we ýygy-ýygydan ýyldyrymlaryň çakmagyna garaşylýar. 



Degişli Habarlar