ABŞ Kubanyň Waşingtondaky ilçihanasyna guralan hüjümi ýazgardy

ABŞ Kubanyň Waşington şäherindäki ilçihanasyna garşy guralan hüjümi ýazgardy

2042351
ABŞ Kubanyň Waşingtondaky ilçihanasyna guralan hüjümi ýazgardy

Ak Tamyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Jeýk Salliwan beren ýazmaça beýanatynda: "ABŞ Kubanyň Waşingtondaki ilçihanasyna guralan hüjümi berk ýazgarýar" diýip belledi. 

Diplomatik desgalara garşy guralýan hüjümleriň kabul edilmesizidigini aýdan Salliwan, derňew üçin kubaly diplomatlar we howpsuzlyk güýçleri bilen aragatnaşyk içindediklerini habar berdi. 

Kubanyň Daşary işler ministr Bruno Rodriges Parrilýa, X sosial media platformasyndan beren beýanatynda, ýekşenbe güni agşam Kubanyň Waşingtondaky ilçihanasyna molotow bombasy bilen terrorçylykly hüjümiň guralandygyny mälim edipdi. 


Etiketkalar: #ABŞ , #ilçihana , #Waşington , #Kuba

Degişli Habarlar