“Şwesiýanyň NATO Agzalygy Meselesinde Howlukmaç Hereket Edilmeli Däl”

Orban, “Şwesiýanyň howpsuzlygyna hiç hili howp abanmaýar” diýdi.

2042132
“Şwesiýanyň NATO Agzalygy Meselesinde Howlukmaç Hereket Edilmeli Däl”

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamak üçin howlukmaç hereket edilmeli däldigini nygtady.

Wengiýanyň Parlamentinde çykyş eden Orban, “Şwesiýanyň howpsuzlygyna hiç hili howp abanmaýar” diýdi.

Wegriýanyň iýun aýynda Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna garaşylýardy, emma sese goýulşygyň yza süýşürlendigi we güýz aýlarynda geçiriljekdigi mälim edildi.

2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan soň Finlýandiýa bilen Şwesiýa onlarça ýyldan bäri dowam etdirýän “harby bitaraplyk” syýasatyndan ýüz öwüripdi.

Ady agzalýan iki ýurt geçen ýylyň maý aýynda NATO agzalyk üçin ýüz tutupdy.

Türkiýä beren wadasynda duran Finlýandiýa 4-nji aprelde NATO-nyň 31-nji agzasy boldy.



Degişli Habarlar