Ispaniýada öküzleriň gatnaşdyrylmagynda geçirilen çärede 1 adam ýogaldy

Pobla de Farnals şäherçesiniň ýerli mejlisi öküzler bilen geçirilýän çäreleriň we beýleki dabaralaryň goý bolsun edilmegi barada karara geldi

2041755
Ispaniýada öküzleriň gatnaşdyrylmagynda geçirilen çärede 1 adam ýogaldy

Ispaniýanyň Walensiýa sebitinde öküzleriň gatnaşdyrylmagynda geçirilen çärede, öküziň süsmegi netijesinde 1 adam ýogaldy. 

Pobla de Farnals şäherçesinde geçirilen çärede, öküziň hüjümine sezewar galan ýene-de 1 adam bolsa ýaralandy. 

Resmiler ýogalan adamyň öküziň bedeniniň 4 aýry ýerine süsmegi sebäpli öýkeninden we bagyryndan ýaralanandygyny we keselhanada edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmändigini habar berdiler. 

Pobla de Farnals şäherçesiniň ýerli mejlisi öküzler bilen geçirilýän çäreleriň we beýleki dabaralaryň goý bolsun edilmegi barada karara geldi. 



Degişli Habarlar