Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan we Premýer ministr bilen hökümet agzalarynyň janyna kast etmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy

2041741
Ermenistanda güýç bilen häkimiýeti ele geçirmäge synanyşan 8 adam göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanyň resmi habarlar agentligi Armenpress tarapyndan berilen habara görä, Ermenistanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň we Derňew býurosynyň geçiren operasiýalarynyň netijesinde atlary beýan edilmedik 7-si "Haçlylar Harby-watançylyk jemgyýeti guramasyna" agza bolan jemi 8 adamyň, ellerindäki ýaraglary we ok-därileri, Premýer ministr Nikol Paşinýan we beýleki hökümet agzalaryna garşy ulanyp, häkimiýeti ele geçirmek üçin özara ylalaşyga gelendikleri anyklandy. 

Şol adamlaryň hökümediň ygtyýaryny Konstitutsiýada bolmaýan ýagdaýda ele geçirip, häkimiýeti zor bilen ele geçirmäge synanyşandyklary anyklandy. 

Geçirilen derňew-barlag işlerinde şol adamlaryň ýanlarynda aragatnaşyk enjamlary, aragatnaşyk bloklaýjy enjamlar, ýaraglar we ok-däriler tapyldy. 

Şol adamlar Milli howpsuzlyk gullugynyň we Derňew býurosynyň işgärleri tarapyndan göz tussaglygyna alyndy. 

Göz tussaglygyna alynan adamlar bilen bagly derňew işiniň dowam edýändigi habar berildi. 



Degişli Habarlar