Putin Bilen Paşinýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Garabagda başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

2040313
Putin Bilen Paşinýan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan Garabag meselesi hakynda pikir alyşdy.

Kreml tarapyndan berlen beýannama görä, Putin bilen Paşinýan telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde Garabagda başdan geçirlen soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

Putin, rus parahatçylyk güýjüniň ýolbaşçylyk etmeginde Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gazanylan ylalaşyga kanagatlanma bildirdi.

21-nji sentýabrda rus parahatçylyk güýjüniň töwellaçylyk etmeginde geçiriljek gepleşiklere ünsi çeken Putin, agyr şertlere garmazdan rus parahatçylyk güýjüniň öz wezipesini dowam etdirýändigini we harby lukmanlar bilen birlikde asuda ilata kömek bermäge dowam edýändigini ýatlatdy.

Putin geçiriljek gepleşiklerde dartgynlygyň azaldylmagy we ýagdaýyň durnuklaşmagy taýdan öňe gidişlik edilmegini umyd edýändigini belledi.

 



Degişli Habarlar