ABŞ, Eýranyň Ozalky Prezidentine Sanksiýa Goýar

Baýden, Eýranyň ozalky Prezidenti Ahmedinežad bilen Eýranyň razwetka gullugyna sanksiýa goýjakdyklaryny mälim etdi.

2039091
ABŞ, Eýranyň Ozalky Prezidentine Sanksiýa Goýar

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad bilen Eýranyň razwetka gullugyna sanksiýa goýjakdyklaryny mälim etdi.

Baýden, Eýran bilen tussaglylaryň boşadylmagy boýunça gazanylan ylalaşyga laýyklykda ABŞ-nyň 5 raýatynyň boşadylmagyndan soň beren ýazmaça beýannamasynda, Katar, Oman, Şweýsariýa we Günorta Koreýa bilen birlikde tussaglylaryň ABŞ-na dolanmagyna goldaw beren hyzmatdaşlaryna sagbolsun aýdýandyklaryny nygtady.

Baýden, 2007-nji ýylda dereksiz ýiten Fedral Howpsuzlyk gullugynyň ozalky işgäri Robert Lewinson barada “Eýranyň hökümetine, Lewinson hakynda anyk maglumat bermegi üçin çagyryş berýärin” diýdi.

Prezident Baýden, Eýranyň ozalky Prezidenti Mahmud Ahmedinežad bilen Eýranyň razwetka gullugyna, nähak ýere ABŞ-nyň raýatlaryny tussag edendikleri sebäpli sanksiýa goýjakdyklaryny mälim etdi.

Eýrana “sebitdäki meçew beriji tutumy” sebäpli basyş etmäge dowam etjekdiklerini ýatladan Baýden, raýatlaryna Eýrana syýahat etmegiň howpludygy barada duýduryş berdi.

Jo Baýden “Amerikan paspordyna eýe bolan Eýrana syýahat etmeli däl” diýdi.



Degişli Habarlar