Türkiýe Bilen Dialog Möhüm

Gresiýanyň Premýer-ministri Kiriakos Mikotakis Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dialog kanallarynyň açyk bolmagynyň möhümdigini beýan etdi.

2038726
Türkiýe Bilen Dialog Möhüm

Mikotakis şu ýyl 87-njisi geçirilýän Halkara Saloniki sergisinin çäginde guralan metbugat ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky düşnüşmezlikler hakynda durup geçen Mikotakis; “Türkiýe bilen ähli derejede dialog kanallarynyn gaýtadan açylmagynyň iňňän gowudygyny pikir edýärin” diýdi.

Mikotakis Prezident R.T.Erdogan bilen liderler derejesinde duşuşmagyň ýany bilen ministrleriň we ministrleriň orunbasarlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň hem möhümdigini beýan edip, ynamy berkidiji çäreleriň we oňyn gün tertibiniň ara alynyp maslahatlaşylmagynyň özara gatnaşyklar taýdan peýdalydygyny nygtady.

Mikotakis; “Geçmişde gelýän düşmüşmezlikleriň gysga möhletde çözülmegine garaşmalyň. Emma haýsy meselelerde düşnüşip bilmeýandigimizi medeniýetlilik bilen beýan etmek we radikal diskurslara ýol bermezlik boýunça ylalaşalyň” diýdi.



Degişli Habarlar