ABŞ Ýiten F-35 Harby Uçaryny Gözleýär

ABŞ-da harby resmileri Günorta Karolaýnada uçarmanyň özüni halas edenden soň dereksiz ýiten F-35 harby uçaryň tapylmagy üçin halkdan kömek sorady.

2038719
ABŞ Ýiten F-35 Harby Uçaryny Gözleýär

Deňiz pyýada uçarmany ýekşenbe güni uçan F-35B Lightingin YY reaktiwinde näsazlygyň ýüze çykmagy sebäpli özüni uçardan zyňdyrdy.

Uçarman halas boldy. Harby resmiler ýiten uçaryň gözleginde Demirgazyk Çarlestonyň demirgazygyndaky iki köle gönügendiklerini beýan etdiler.

Kapitan Melani Salinas uçarmanyň ýerli wagt boýunça 14.00-da Demirgazyk Çarlestona paraşut bilen bökendigini we hassahana alynyp gidilendigini, ýagdaýynyň kadalydygyny aýtdy.

Uçarmanyň ady we uçarda ýüze çykan näsazlyk hakynda maglumat berilmedi.

Ýerli kongressiň agzasy Nansi Mas; “F-35 uçary nähili ýitýär? Yzarlaýyjy enjam ýok we biz halkdan ony tapmagyny näme üçin isleýäris” diýip, reaksiýa bildirdi.



Degişli Habarlar