“Türkiýe Biziň Üçin Esasy Hyzmatdaş”

ABŞ, Türkiýäniň özleri üçin esasy hyzmatdaşdygyny mälim etd

2037677
“Türkiýe Biziň Üçin Esasy Hyzmatdaş”

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Miller, gündelik metbugat ýygnagynda ABŞ bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakyndaky soraga jogap berdi.

 “Türk hökümeti bilen ýakyndan gatnaşyk edýäris. Türkiýe biziň üçin esasy hyzmatdaş” diýen Miller, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň ýaňy ýakynda Hindistanda geçirlen G-20-niň liderler maslahatynyň çäginde Prezident R. T. Erdogan bilen duşuşandygyny ýatlatdy.

ABŞ-nyň Gazna ministrliginden berlen beýannamada bolsa, Russiýa goýlan sanksiýalara garamazdan käbir rus firmalary bilen ýakyndan gatnaşyk eden merkezi Türkiýede ýerleşýän 3 firma bilen 1 türk raýatyna sanksiýa goýlandygy nygtalypdy.



Degişli Habarlar