Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Yrak serhedine harby güýç ýygnaýandygy habar berildi

2037012
Eýran özüniň demirgazyk-günbatar serhedine harby güýç ornaşdyrýar

Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunyna ýakynlygy bilen tanalýan Tesnim habaralr agentligi, Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň serhediniň ýerleşýän sebite harby güýç ýygnaýandygy bilen bagly materiallar çap etdi. 

Materiallarda sebite tanklaryň we uzak aralykly toplaryň ornaşdyrylýandygyny görüp bolýar. 

Habarda Bagdat bilen Tähranyň arasyndaky eýranly oppozisioner guramalarynyň ýaragsyzlandyrylmagy ylalaşygynyň soňky güni bolan 19-njy sentýabrdan ozal Yrak serhedine harby güýç ornaşdyrylýandygy mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #serhet , #Yrak , #Eýran

Degişli Habarlar