Liwiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy

Liwiýanyň gündogaryndaky Derne şäherinde sil apaty sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 5 müň 300-e ýetendigi, müňlerçe adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi

2036631
Liwiýadaky silde ýogalan adamlaryň sany artdy

Liwiýanyň resmi habarlar agentligi LANA tarapyndan berilen habara görä, 10-njy sentýabrda başdan geçirilen sil apatynda diňe Derne şäherinde ýogalanlaryň sanynyň 5 müň 300 adama ýetendigi aýan edildi. 

Merkezi Ortaýer deňizinde täsirli bolan we 10-njy sentýabrda Liwiýanyň gündogaryna täsir ýetiren Daniel tupany, Bingazi, Beýda, Merk, Sýuz we Derna şäherlerinde sil apatlarynyň döremegine sebäp bolupdy. 

Milli Jebilsik hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe sil apaty sebäpli ýurtda 3 günlik milli ýas yglan edipdi, Liwiýanyň Prezidium Geňeşi hem doganlyk ýurtlara we halkara guramalara sil apatynyň zyýan ýetiren sebitler üçin ýardam berilmek barada çagyryş beripdi. 

Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Liwiýadaky sil apatynda dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň 10 müňden geçendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Liwiýa

Degişli Habarlar