Liwiýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Liwiýada başdan egçirilen sil apatynda ýogalan adamlaryň sanynyň 6 müňden geçendigi, müňlerçe adamyň dereksiz ýitendigi mälim edildi

2036880
Liwiýadaky sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Liwiýanyň Milli Jebislik hökümetine degişli Saglygy goraýyş ministrliginiň  wekili Saadettin Abdulwekil, sil apatynda şu gün irdene çenli ýogalanlaryň sanynyň 6 müňden geçendigini, müňlerçe adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdi. 

Saadettin Abdulwekil görekzijileriň sil apatynyň täsir ýetiren ähli ýerler üçindigini, iň köp adam pidalarynyň Derne şäherinde hasaba alynandygyny aýan etdi. 

Saadettin Abdulwekil sil apatynyň täsir ýetiren sebitlerdäki döwlet hassahanalarynyň erbet ýagdaýdadygyny, 10 hassahanany işletmek üçin tagalla edýändiklerini beýan etdi. 

Liwiýanyň resmi habarlar agentligi LANA tarapyndan berilen habara görä, 10-njy sentýabrda başdan geçirilen sil apatynda diňe Derne şäherinde ýogalanlaryň sanynyň 5 müň 300 adama ýetendigi aýan edildi. 

Merkezi Ortaýer deňizinde täsirli bolan we 10-njy sentýabrda Liwiýanyň gündogaryna täsir ýetiren Daniel tupany, Bingazi, Beýda, Merk, Sýuz we Derna şäherlerinde sil apatlarynyň döremegine sebäp bolupdy. 

Milli Jebilsik hökümetiniň Premýer ministri Abdulhamid Dibeýbe sil apaty sebäpli ýurtda 3 günlik milli ýas yglan edipdi, Liwiýanyň Prezidium Geňeşi hem doganlyk ýurtlara we halkara guramalara sil apatynyň zyýan ýetiren sebitler üçin ýardam berilmek barada çagyryş beripdi. 

Gyzyl ýarymaý jemgyýeti Liwiýadaky sil apatynda dereksiz ýiten adamlaryň sanynyň 10 müňden geçendigini habar berdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Liwiýa

Degişli Habarlar