Malide Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 49 Adam Ýogaldy

2 hüjümde ýogalanlar üçin 3 günlük milli ýasyň yglan edildi

2034659
Malide Guralan Hüjümde Asuda Ilatdan 49 Adam Ýogaldy

Malide guralan 2 aýry terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 49 adam bilen 15 esger ýogaldy.

Maliniň harby goşunyndan berlen beýannamada, Niger derýasynda ýolagçy gämisine raketa hüjüminiň guralandygy nygtaldy.

Gämä guralan hüjümde 49 adamyň ýogalandygy bellenildi.

Ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda, gämide 300 ýolagçynyň bardygy we hüjüm sebäpli gämä uly zeper ýetirlendigi ýatladyldy.

Gao sebitindäki Bamba etrapçasynda esgerlere garşy guralan hüjümde bolsa 15 esgeriň ýogalandygy nygtaldy.

Hökümet tarapyndan berlen beýannamada, 2 hüjümde ýogalanlar üçin 8-nji sentýabrdan başlap 3 günlük milli ýasyň yglan edilendigi bellenildi.

Hüjümleriň jogapkärçiligini Jemaat Nusra al Yslam we Müslim atly gurama öz üstüne aldy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar