Stoltenberg TBMM-niň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna garaşýandygyny aýtdy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) açylan mahaly Şwesiýanyň NATO agzalygyny iň gysga wagtda tassyklamagyna garaşýandygyny habar berdi

2034370
Stoltenberg TBMM-niň Şwesiýanyň NATO agzalygyny tassyklamagyna garaşýandygyny aýtdy

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg, Ýewropa Parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň maslahatyna gatnaşyp, deputatlara ýüzlenip çykyş etdi we soraglara jogap berdi. 

Şwesiýanyň NATO agzalygynyň üstünde durup geçen Ýens Stoltenberg, iýul aýynda Litwanyň paýtagty Wilnýus şäherinde geçirilen NATO sammitinde Şwesiýanyň terrora garşy göreşde has köpüni nähili etjekdigi bilen baglanşykly ylalaşyga gelendiklerini ýatladyp: "TBMM-niň bu güýz paslynda ýaňadandan açylan mahaly Şwesiýanyň agzalygyny iň gysga wagtda tassyklamagyna garaşýaryn. Bu ozal hem ençeme gezek aýdylyp geçildi. Şeýlelik bilen Finlýandiýadan soň Şwesiýa bilen 32 agzamyz bolar. Bu demirgazyk ýurtlar üçin, Şwesiýa we Finlýandiýa üçin, mundan başgada NATO üçin gowy. Bu şol bir wagtda Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň NATO-nyň ösmegini öňüni almak üçin bir Ýewropa ýurduny basyp alan mahaly tersine täsiriniň bolýandygyny görkezýär" diýip belledi. 

Ýewropa Parlamendiniň deputatlarynyň biriniň Gara deňiz Galla başlangyjy bilen baglanşykly soragyna jogap beren Stoltenberg Russiýanyň ylalaşykdan çekilmegini ýazgarýandyklaryny habar berdi. 

"Türkiyäniň ylalaşygyň ýaňadandan durmuşa geçirilmegi üçin edýän tagallalaryndan hoşaldyrys" diýip aýdan Stoltenberg, Ukrainanyň gallasynyň dünýä ugradylmagynyň iň gowy ýolunyň uruşyň tamamlanmagydygyny, galla ylalaşygynyň urşuň netijelerini azaltmaga gönükdirilendigini mälim etdi.



Degişli Habarlar