ABŞ Türkiyä minnetdarlyk bildirdi

ABŞ Prezident Rejep Taýýip Erdogana we NATO hyzmatdaşy Türkiyä, Gara deňiz Galla başlangyjynyň ýaňadandan başladylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirdi

2033583
ABŞ Türkiyä minnetdarlyk bildirdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisiniň orunbasary Wedant Patel geçiren metbugat ýygnagynda Russiýanyň Gara deňiz Galla başlangyjyny bes etmek baradaky kararynyň dünýä derejesinde azyk howpsuzlygyna garşy göreş alyp barýan jemgyýetlere zyýan ýetirendigini habar berdi. 

Prezident Erdoganyň Russiýanyň Soçi şäherine duşenbe güni guran saparynda, resmi Moskwany ylalaşyga gaýdyp gelmegi üçin tagalla edýändigini aýdan Patel: "Prezident Rejep Taýýip Erdogana we NATO hyzmatdaşy Türkiyä, Gara deňiz Galla başlangyjynyň ýaňadandan başladylmagy ugrunda edýän tagallalary üçin minnetdarlyk bildirýäris" diýip mälim etdi. 

ABŞ-nyň Dunaý derýa ugruny Gara deňiz Galla başlangyjyna alternatiwa hökmünde görüp-görmeýändigi bilen bagly soraga bolsa Patel, ýurdunyň ileri tutýan ugrunyň Russiýanyň ylalaşyga gaýdyp gelmegidigini belläp: "Elbetde azyk önümleriniň gitmeli ýerlere baryp gowuşmagy üçin başga ýollary gözden geçirýäris" diýip jogap berdi. 



Degişli Habarlar