ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

ABŞ, Ukraina 1 milliard dollaryk goşmaça kömegiň berer

2034265
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Garaşylmadyk Ýagdaýda Ukraina Bardy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken, Ukraina guran saparynyň çäginde, Ukraina 1 milliard dollaryk goşmaça kömegiň beriljekdigini aýtdy.

Garaşylmadyk ýagdaýda Ukraina guran Blinken, Prezident Wladimir Zelenskiý, Premýer-ministri Denis Şmygal we Daşary işler ministri Dmitro Kuleba bilen duşuşdy.

Zelenskiý we Şmygal bilen geçiren duşuşyklaryndan öň metbugata beýannama beren Blinken, ABŞ-nyň Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Front liniýasynda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda ukrainaly ýolbaşçylardan giňişleýin maglumat edinendigini aýdan Blinken, Ukraina garşy söweşde soňky 1 hepde öňe gidişlik edilendigini belledi.

ABŞ-nyň Ukraina 1 milliard dollarlyk goşmaça kömek berjekdigini aýdan Blinken, “Russiýa garşy söweşde soňky hepdelerde edilen öňe gidişlik Ukraina berjek kömeklerimiz bilenhas-da güýçlener” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #goşmaça , #kömek , #Ukraina , #ABŞ

Degişli Habarlar