Braziliýadaky tropiki tupan sebäpli 22 adam ýogaldy

Braziliýanyň günorta sebitinde täsirli bolan tropiki tupan sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä 22 adam ýogaldy

2033645
Braziliýadaky tropiki tupan sebäpli 22 adam ýogaldy

Sebitiň gubernatory Eduardo Leite geçiren metbugat ýygnagynda, 20-den gowrak ýaşaýyş zolagynda adatdan daşary ýagdaý yglan edendiklerini, 15 müň adamyň ewakuasiýa edilendigini belläp, tupanyň sil apatlaryna we ýer süýşgünlerine sebäp bolandygyny habar berdi. 

Argentina we Urugwaý serhedindäki Riu-Grandi-du-Sul we Santa-Katarina welaýatlarynda, tropiki tupanyň 22 adamyň ýogalmagyna sebäp bolandygyny aýdan Leite, ady agzalan welaýatlarda ozal görülip-eşidilmedik apatlaryň başdan geçirilendigini mälim etdi.  

Leite tupanyň 60 aýry ýaşaýyş zolagynda täsirli bolandygyny, aşa ýel we sil apatlary sebäpli derýalaryň joşandygyny nygtap, gözleg we halas ediş işleriniň kyn şertlerde dowam etdirilýändigini aýan etdi. 

Braziliýanyň Döwlet baştutany Luis Inasio Lula da Silwa hem tupan sebäpli ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip: "Halka kömek bermek üçin her dürli tagallany ederis" diýip belledi. 



Degişli Habarlar