Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Beýanatda Ukraina degişli ýene-de bir uçarmansyz howa ulagynyň Twer sebitinde ot açylyp ýere gaçyrylandygy beýan edildi

2033028
Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherine hüjüm guramagy meýilleşdiren Ukraina degişli uçarmansyz howa ulaglarynyň Moskwa, Kaluga we Twer sebitlerinde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi habar berildi. 

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Kiýewiň düýn gije we şu gün irden Russiýanyň territoriýasynyň çäklerindäki desgalara uçar görnüşli uçarmansyz howa ulaglary bilen guramak islän hüjümleriniň öňüniň alynandygy mälim edildi. 

Gije sagat 03:00-da howa goranyş ulgamlary tarapyndan 1 sany uçarmansyz howa ulagynyň Kaluga sebitinde täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, 1 sany uçarmansyz howa ulagynyň bolsa Moskwa sebitiniň Istirinskiý etrabynyň howa giňişliginiň çäklerinde ýok edilendigi aýan edildi. 

Beýanatda Ukraina degişli ýene-de bir uçarmansyz howa ulagynyň Twer sebitinde ot açylyp ýere gaçyrylandygy beýan edildi. 

Moskwa şäheriniň häkimi Sergeý Sobýanin hem sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ady agzalan sebitlerde ýere gaçyrylan uçarmansyz howa ulaglarynyň Moskwa hüjüm guramagy meýilleşdirilendiklerini habar berdi. 


Etiketkalar: #Moskwa , #Ukraina , #Russiýa

Degişli Habarlar