Polşada legionellýoz bakteriýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Gripp ýaly alamatlardan başlanýan we pnewmoniýa çenli dowam edýän legioner keseli, bejergi edilmän halatynda dem alyş we köpçülilleýin organ ýetmezçiligine sebäp bolup bilýär

2031307
Polşada legionellýoz bakteriýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Polşada öýkene zyýan ýetirýän Legioner keseline sebäp bolýan legionellýoz bakteriýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 16 adama ýetdi. 

Ýurduň günorta-gündogaryndaky Rýaşew şäherinde epidemiýa bilen bagly derňewler dowam edýär. 

Resmiler tarapyndan berilen beýanata görä legionellýoz bakteriýasy sebäpli 16 adam ýogaldy, kesel ýokan azyndan 155 adam hassahanada bejergi astyna alyndy. 

Gripp ýaly alamatlardan başlanýan we pnewmoniýa çenli dowam edýän legioner keseli, bejergi edilmän halatynda dem alyş we köpçülilleýin organ ýetmezçiligine sebäp bolup bilýär. 



Degişli Habarlar