Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy

Kolumbiýanyň Meta dolanşyk zolagynda polisiýa ulagyna garşy guralan bombaly hüjümde Polisiýa gullugynyň 2 işgäri ýogaldy, 2-si bolsa ýaralandy

2031868
Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy

Meta sebitiniň gubernatory Huan Gilýermo Suluaga beren beýanatynda, Fuente de Oro şäherçesindäki Puerto Lleras ýolunda gözegçilik işlerini geçirýän polisiýa ulagyna bombaly hüjümiň guralandygyny habar berdi. 

Wakanyň terrorçylykly hüjümdigini aýdan Zuluaga sebitde Kolumbiýanyň Ynkylap ýaragly güýçleriniň agzalarynyň täsirlidigini belläp, milli hökümede bikanun toparlara garşy göreş alyp barmak barada çagyryş berdi. 



Degişli Habarlar