Türkiye bilen Yragyň arasynda Galkynyş Ýoly taslamasy durmuşa geçiriler

Esedi Yrakda ýaýlyma berilýän döwlete degişli "As-Sabah" gazedine beýannama berdi

2030030
Türkiye bilen Yragyň arasynda Galkynyş Ýoly taslamasy durmuşa geçiriler

Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudaniniň Transportdan jogapkär maslahatçysy Nasyr al-Esedi Türkiye bilen Yragyň arasynda Galkynyş Ýoly taslamasy bilen bagly ylalaşyk şertnamalaryna gol çekiljekdigini habar berdi. 

Esedi Yrakda ýaýlyma berilýän döwlete degişli "As-Sabah" gazedine beýannama berdi. 

Gazet Esediniň beýannamasyny "Türkiye bilen Yragyň arasynda ýakyn wagtda Galkynyş Ýoly taslamasy bilen bagly ylalaşyk resminamalaryna gol çekiler" söz başysy bilen berdi.  

"Şol ylalaşyklar Pars aýlagyny Türkiýe serhedi bilen birikdirjek gara we demir ýol taslamalaryny öz içine alar" diýip aýdan Esedi, ady agzalýan gara we demir ýollarynyň Ýakyn Gündogar bilen Ýewropanyň arasynda önümleriň daşalmagy taýdan uly ähmiýete eýe boljakdygyny habar berdi. 

Gazet Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudaniniň beýan eden Galkynyş Ýoly taslamasyna Türkiyäniň hem ähmiýet berýändigini beýan etdi. 

Yragyň Premýer ministri Muhammed Şiýa as-Sudani Aziýany Ýewropa bilen birleşdirjek Galkynyş Ýoly taslamasyny maý aýynyň ahyrynda aýan edipdi. 

Pars aýlagyndaky Uly Faw portyndan başlap Yragyň demirgazygyna tarap dowam edip, Türkiyä ýetiriljek taslamanyň 1200 km uzynlygynda demir ýol we gara ýol infrastrukturasyny öz düzüminde jemlemegi meýilleşdirilýär. 


Etiketkalar: #taslama , #Türkiye , #Yrak

Degişli Habarlar