Zelenskiý Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Ukrainanyň territorial bütewiligine hormat goýandyklaryny beýan etdi

2027842
Zelenskiý Wuçiç bilen duşuşyk geçirdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakisiň çakylygyna laýyklykda Balkan ýurtlarynyň liderleriniň düýn Gresiýanyň paýtagty Afiny şäherinde bir ýere jemlenen agşam naharyndan soň Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen duşuşyk geçirdi.

Aleksandr Wuçiç duşuşykdan soň ýerli metbugata beren beýanatynda: "Zelenskiý bilen açyk ýagdaýda gepleşikler geçirdim. Serbiýadaky adamlaryň näme pikir edýändigini we näme sebäpli olar ýaly bolandygy barada sorag berdi. Oňa Serbiýanyň Ukrainanyň territorial bütewiligine hormat goýandygyny aýtdym" diýip habar berdi. 

Serbiýa bilen Gresiýanyň dostlukly gatnaşyklara eýedigini aýdan Aleksandr Wuçiç: "Misotakis Gresýanyň Kosowanyň garaşsyzlygynyň ykrar edilmegi meselesindäki çemeleşmesine hiç hili üýtgeşikligiň ýokdugyny aýtdy" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar