Dunaýdan Orhuna Ýüpek Ýoly Rallisi geçirilýär

Dünýäniň meşhur awtoulag rallileriniň biri bolan Europa-Orient Gündogar-Günbatar Dostluk Rallisiniň täze ugry bolan Ýüpek Ýoly rallisi (Silk Road Ralley) başlady

2027277
Dunaýdan Orhuna Ýüpek Ýoly Rallisi geçirilýär

Ýewropanyň 6 ýurdundan 40 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýän we Türkiyäniň üstaşyr geçip, Mongoliýa çenli baryp ýetjek Ýüpek Ýoly Rallisiniň çäginde 19-njy awgustda Germaniýa, Awstriýa we Italiýa ýaly döwletlerden ýola çykan türgenler, 20-nji awgustda Wengriýada bir ýere jemlenişdiler. 

16-njy sentýabra çenli 11 müň km geçjek ralli, Serbiýa, Bolgariýa, Türkiye, Eýran, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Hytaý ýaly ýurtlardan geçip, Mongoliýada tamamlanar. 

Gündogar-Günbatar Dostluk we parahatçylyk rallisi jemgyýetiniň başlygy Nadir Serin, Ýüpek Ýoly rallisine taýarlyk görmegiň çäklerinde, Ýewropa Parlamentinde eden çykyşynda, ralliniň möhüm maksatlarynyň biriniň Türkiyäni tanyşdyrmakdygyny habar berdi. 

Nadir Serin: "Biz bu rallini Türkiyäni tanyşdyrmagyň çäginde geçirýäris. Türgenleriň aglaba bölegi daşary ýurtly. Şu ýyl 6 döwletden türgenler gatnaşýar. 20 ulag, 40 adam bilen ýola çykarys" diýip belledi. 

"Türgenler Türkiyede gören myhmansöýerlikleri sebäpli ýurtlaryna gaýdyp baranlaryndan soň, biziň meýletin ilçimiz bolarlar" diýip aýdan Nadir Serin, gündogar bilen günbatar medeniýetleriniň arasynda köpri gurmagyň, esasan hem Ýewropa materiginde uruşyň dowam edýän bir zamanasynda has hem ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady. 



Degişli Habarlar