Polşanyň Prezidenti Russiýa reaksiýa bildirdi

Duda duşuşykda howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we infrastruktura meseleleriniň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi

2025638
Polşanyň Prezidenti Russiýa reaksiýa bildirdi

Polşanyň Prezidenti Andžeý Duda, Polşa serhediniň Belarussiýa tarapyndan gibrid görnüşinde hüjüme sezewar galýandygyny belläp: "Onuň Russiýa bilen hyzmatdaşlyk içinde amala aşyrylýandygyndan hiç hili şübhämiz ýok" diýip nygtady. 

Latwiýanyň Prezidenti Edgars Rinkewiçs bilen ýurdunyň paýtagty Warşawada duşuşyk geçiren Duda geçiren metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçdi. 

Duda duşuşykda howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we infrastruktura meseleleriniň ara alynyp maslahatlaşylandygyny habar berdi. 

Duşuşygyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň bolsa 2022-nji ýylyň 24-nji fewralyndan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi bilen Belarussiýanyň Polşa serhedine garşy ýerine ýetirýän gibrid hüjüm howpudygyny aýdan Duda: "Polşa serhediniň Belarussiýa tarapyndan gibrid görnüşde hüjüme sezewar galmagy ýaly mesele bar we onuň Russiýa bilen hyzmatdaşlyk içinde amala aşyrylýandygyndan hiç hili şübhämiz ýok" diýip nygtady. 

Duda duşuşykda Ukraina beriýän goldaw we edilýän hyzmatdaşlygyň, NATO-nyň soňky sammitiniň netijeleriniň we ikitaraplaýyn harby hyzmatdaşlygyň hem maslahatlaşylandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar