Zelenskiý Zaporožýedäki Harby Birikmelere Baryp Gördi

Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý Zaporeožýedäki harby birikmelere baryp gördi.

2025161
Zelenskiý Zaporožýedäki Harby Birikmelere Baryp Gördi

Zelenskiý sosial media hasabyndan beren habarnamasynda Zaporožýe tarapyndan operasiýalar geçirýän harby birikmelere baryp, olar bilen bar bolan meseleler hem-de kynçylyklar hakynda pikir alyşandygyny, urşuň barşy hakynda serkerdeleriň habarnamalaryny diňländigini beýan etdi.

Zaporožýedäki “ýokary hirurgiýa” bölümine baryp görendigini beýan eden Zelenskiý; “Ol ýerde Tawriýa tarapdaky esgerlere lukmançylyk kömegi berilýär. Bölümde günde 200-e barabar ýaraly bejergi alýar” diýdi.

 Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý saparynyň dowamynda esgerleri sylaglandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar