Tunisde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Resmiler 23 adamyň halas edilendigini, 7 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdiler

2024518
Tunisde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 5 adam ýogaldy

Tunisiň suw giňişliginde düzüminde bosgunlar bolan gaýygyň batmagy netijesinde 5 adam ýogaldy. 

Gaýygyň düzüminde aglabasy tunisli bolan jemi 35 adamyň bolandygyny aýdan resmiler, 23 adamyň halas edilendigini, 7 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdiler. 


Etiketkalar: #gaýyk , #bosgun , #Tunis

Degişli Habarlar