Pakistanda Garaşsyzlyk Gününe Bagyşlanan Çärelerde 2 Adam Ýogaldy

Karaçide garaşsyzlygyň 76 ýyllygyna bagyşlanyp dürli medeni çäreler geçirildi.

2024741
Pakistanda Garaşsyzlyk Gününe Bagyşlanan Çärelerde 2 Adam Ýogaldy

Pakistanda 1947-nji ýylyň 14-nji awgustynda gazanylan garaşsyzlygyň 76 ýyllygyna bagyşlanyp geçirlen baýramçylyk çärelerinde 2 adam ýogaldy, 80-den gowrak adam hem ýaralandy.

“Geo Nýus” teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Karaçide garaşsyzlygyň 76 ýyllygyna bagyşlanyp dürli medeni çäreler geçirildi.

Baýramçylyk çärelerinde birnäçe ýerde od açylmagy sebäpli 1-i zenan 2 adam ýogaldy, 80-den gowrak adam hem ýaralandy.

 

 



Degişli Habarlar