“Türkiýe Respublikasy Kipr Türküne Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Milli Goranmak ministrligi, 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda başladylan 2-nji operasiýa hakynda habarnama çap etdi.

2024375
“Türkiýe Respublikasy Kipr Türküne Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Milli Goranmak ministrligi, Kipr parahatçylyk hereketiniň çäginde 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda başladylan 2-nji operasiýa hakynda habarnama çap etdi.

Ministrligiň sosial mediadan beren habarnamasynda, 1974-nji ýylyň 20-nji iýulynda Kipr türk halkyna garşy edilýän zulumyň bes edilmegini islän Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Kipr parahatçylyk hereketiniň başladylandygy ýatladyldy.

Habarnamada, “25-nji iýulda we 12-nji awgustda geçirlen 1-nji we 2-nji Ženewa konferensiýasynda Kipriň grek böleginiň we Gresiýanyň alyp baran ylalaşyksyz tutumy sebäpli “Aýşe dynç alyşa çyksyn” parasolasy bilen 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda Mehmetçik 2-nji parahatçylyk operasiýasyna başlady.

Türk doganlarymyz üçin Kipr parahatçylyk hereketinde janlaryny pida eden şehitlerimize we edebi uka giden gahrymanlarymyza Alladan rehnet dileýäris. Ýaşaýan gahrymanlarymyza hem uzak ömür we bagtly durmuş dileýäris Türkiýe Respublikasy Kipr Türküne goldaw bermäge dowam eder”diýildi.

 

 



Degişli Habarlar