Polşada iki rus göz tussaglygyna alyndy

Polşada Russiýa bilen arabaglanşykly bolan hakyna tutma esgerleriň topary bolan Wagner toparynyň propogandasyny etmekleri sebäpli 2 rus raýat göz tussaglygyna alyndy

2024250
Polşada iki rus göz tussaglygyna alyndy

Polşanyň Içeri işler ministri Mariuş Kaminski sosial mediadan beren beýanatynda, Polşanyň Içerki howpsuzlyk gullugynyň (ABW) polisiýa gullugy bilen bilelikde hereket edip, Wagner toparynyň propogandasyny etmekleri sebäpli 2 rus raýatyny göz tussaglygyna alandygyny habar berdi. 

Ýurtda içerki howpsuzlygyň ähmiýetiniň üstünde durup geçen Kaminski: "Polisiýa bilen bilelikde hereket eden ABW gullugy Krakowda we Warşawada Wagner toparyna degişli materiallary paýlan 2 rus raýatyny anyklady we göz tussaglygyna aldy" diýip mälim etdi. 

Ministr Kaminski şol 2 adamyň beýleki aksiýalary bilen bilelikde şeýle hem içalylyk bilen günäkärlenýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar