Kowid-19 Wariantynyň Ýüze Çykma Howpy Dowam Edýär

Bu barasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesus habar berdi.

2022764
Kowid-19 Wariantynyň Ýüze Çykma Howpy Dowam Edýär

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesus ýokaşmalarda we adam pidalarynda duýdansyz artmalara sebäp boljak koronawirus wariantlarynyň ýüze çykma howpunyň dowam edýändigini duýdurdy.

Gebreýesus BSGG-nyň hepdelik metbugat ýygnagynda beren beýannamasynda 3 aý ozal Kowid-19-yň halkara ähmiýetli gyssagly halk saglygy ýagdaýy bolmakdan çykandygyny, emma global saglyk howpy bolmagynda galýandygyny habar berendigini ýatlatdy.

Şol günden bäri global derejede habar berilen Kowid-19 ýokaşmalarynda we adam pidalarynda azalmanyň dowam edýändigini, BSGG-na maglumat berýän ýurtlaryň sanynyň hem azalandygyny nygtan Gebreýesus, wirusyň ähli ýurtlarda ýaşamaga, öldürmäge we üýtgemäge dowam edýändigini aýtdy.

Gebreýesus; “Ýokaşmalarda we adam pidalarynda duýdansyz artmalara sebäp boljak has howply wariantlaryň ýüze çykma howpy dowam edýär” diýdi.

Gegreýesus döwletlere Kowid-19-a garşy göreş boýunça maslahat berip, ähli ýurtlaryň uzak möhletli, birsydyrgyn Kowid-19 dolanşygyna geçmek üçin milli Kowid-19 maksatnamalaryny aktuallaşdyrmalydygyny nygtady.

BSGG-nyň “Eris” warinty hakynda düýn çap eden täze habarnamasyna görä ozal “gözegçilik astyndaky wariant” bolan we derejesi “gözegçilik edilmeli wariant” hökmünde üýtgedilen “Erisiň” durnukly ýaýramaga dowam edendigi, 7-nji awgusta çenli 51 ýurtda 7 müňden gowrak diagnoz ugradyldy.

 



Degişli Habarlar