Sudan Dartgynly Bolmagynda Galýar

Çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk edýän asuda ilatyň sany gün saýyn köpelýär.

2022151
Sudan Dartgynly Bolmagynda Galýar

Sudanyň paýtagty Hartumda we töwereklerinde dowam edýän çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk edýän asuda ilatyň sany gün saýyn köpelýär.

Paýtagtyň ýaşaýjylary, şäheriň günortasyndaky Maýo, Al-Ezheri, As-Selama etrapçalarynda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklarda öýleriniň nyşana alynandygyny nygtaýar.

Paýtagtyň demirgazygynda ýerleşýän Bahri şäheriniň Kafuri, Kederu, Halfaýa we Şambat etrapçalarynda asuda ilaýyň öýleri bombalandy.

Bahri şäherinde güýçli çaknyşyklar bolýar.

Sudanyň harby goşuny, Umdurmandaky çaknyşyklarda HDK güýçleriniň uly ýitgi çekendigini, guramanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň tussag edilendigini öňe sürdi.

Harby goşun, çaknyşyklarda 4 esgeriň ýogalandygyny, žurnalistleriň arasynda ýaralananlaryň bardygyny mälim etdi.

HDK tarapyndan berlen beýannamada bolsa, harby goşunyň Umdurmanda uly ýitgi çekendigi nygtalyp “İlkinji kesgitlemelere görä, güýçlerimiz 174 adamy öldürdi, 300 adamy ýaraldy, 83 esgeri hem ýesir aldy” diýildi.

Sudan harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky dartgynlyk 15-nji aprelde Hartumda we birnäçe şäherde ýaragly çaknyşyga öwrüldi.

Çaknyşyklarda häzire çenli asuda ilatdan 3 müňden gowrak adam ýogaldy, on müňlerçe adam ýaralandy.

BMG, Sudanda 100 günden gowrak wagt bäri dowam edýän çaknyşyklar sebäpli 4 milliondan gowrak adamyň öýüni terk edendigini mälim etdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar