Italiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Halas bolan bosgunlar gaýygyň ýola çykanlaryndan 6 sagat soň güýçli tolkun sebäpli batandygyny mälim etdiler

2022312
Italiýada bosgunlary daşaýan gaýyk batdy

Italiýanyň Lampedusa adasynyň suw giňişliginde bosgunlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde 41 adam ýogaldy. 

Italiýanyň ANSA habarlar agentliginde berilen habara görä, Tunisiň Safakes şäherinden ýola çykan we bosgunlary daşaýan gaýyk Lampedusa adasynyň suw giňişliginiň çäklerinde batdy. 

Wakada 41 adam ýogaldy, Kenarýaka howpsuzlyk gullugy 4 adamy halas edip ýetişdi. 

Halas edilen adamlar 45 adam bolup ýola çykandyklaryny we aralarynda 3 çaganyň hem bolandygyny habar berdiler. 

Halas bolan bosgunlar gaýygyň ýola çykanlaryndan 6 sagat soň güýçli tolkun sebäpli batandygyny mälim etdiler.


Etiketkalar: #bosgun , #Italiýa

Degişli Habarlar