Hytaýda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 33 Adama Ýetdi

Sil ýurtda 1 million 290 müň adama ýaramaz täsirini ýetirdi.

2022355
Hytaýda Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 33 Adama Ýetdi

Hytaýyň paýtagty Pekinde aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen silde 33 adam ýogaldy, 18 adam ýitdi.

Paýtagt Pekinde 8-nji awgustda ýary gije başlan sil uly ýitgi çekilmegine sebäp boldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri sil apatynda 33 adamyň ýogalandygyny, 18 adamyň ýitendigini habar berdi.

Gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi nygtaldy.

Sil ýurtda 1 million 290 müň adama ýaramaz täsirini ýetirdi.

Apatda 59 müň öýüň ýykylandygy, 147 müň öýe hem uly zeper ýetirlendigi bellenildi.



Degişli Habarlar